Söwda-senagat edarasynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli sergi açylýar

  • 21.09.2021 08:04
  • 2.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli 21-22-nji sentýabrda geçirilýän sergä gatnaşyjylara Gutlag hatyny ýollady. Onda türkmen Lideri bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýandygyny nygtady.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan günlerinde giň gerim bilen guralýan bu sergi ösüşiň we özgerişiň aýdyň ýoluna düşen milli ykdysadyýetimizde we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüler — diýlip, Gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi.

«Biz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar döwletimizi dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatymyzy doly derejede amala aşyrarys» diýip, döwlet Baştutany gatnaşyjylary serginiň öz işine başlamagy bilen gutlady.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....