Türkmenistanyň raýatlaryny harby gullukdan boşatmak we çagyrmak hakynda Permana gol çekildi

  • 20.09.2021 07:37
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar 2021-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylar.

Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar 2021-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrine, Türkmenistanyň Içeri işler ministrine, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.


düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....