Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda 291 geleşik baglaşyldy

  • 20.09.2021 07:31
  • 5.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 207 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 291-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük hem-de float list aýnasyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 46 million 400 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksunyň galyndylaryny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle-de elde dokalan halylary satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 424 million 841 müň manatlykdan gowrak boldy, şeýle hem türkmen telekeçileri daşary ýurt walýutasyna bahasy ABŞ-nyň 122 müň dollaryndan gowrak bolan portland sementi satyn aldylar.


şu gün 07:51
963

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
952

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......