Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin «akylly» äýnek döredildi

  • 19.09.2021 16:46
  • 11k+

Ispaniýanyň Kartahena şäherinde ýerleşýän Politehniki uniwersitetiniň işgärleri “akylly” äýnek döretdiler. Bu gurluş adamyň ýüzüni tanap, temperaturany ölçäp bilýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň metbugat relizinde aýdylýar diýip, ug.ru belleýär.

“Akylly” äýnekler jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylan ýagdaýynda ýanyňdaky raýatlaryň temperaturasynyň ýokarydygyny ýa-da däldigini barlamaga kömek eder. Munuň üçin indi olara nobata durmak gerek däl. Bu gurluş birnäçe adamyň ýüzüni parallel tanamak üçin ýokary takyklykly kamera, şeýle-de görüş meýdanynda bolan ähli adamlaryň temperaturasyny bellige alýan telekamera bilen üpjün edilendir.

Mundan başga-da, uniwersitetde adamlaryň arasyndaky sosial araçägi ölçeýän aýratyn kamerany döretmek meýilleşdirilýär. Onuň kömegi bilen raýatlaryň belli bir wagtda biri-birinden howpsuz aralykda ýerleşýändigine gözegçilik etmek bolar.

Koronawirus ýaýrap başlany bäri Ispaniýada 4,9 milliondan gowrak kesel hadysasy ýüze çykaryldy, 85,3 müňden gowrak adam ýogaldy. 2020-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ýurtda ilat sanjymy boýunça kampaniýa başlandy. Häzirki wagtda ilatyň 74%-den gowragy COVID-19-a garşy doly sanjym aldy.


şu gün 10:51
528

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......