Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi

  • 19.09.2021 07:46
  • 4.9k+

Tapgyrlaýyn çykarylýan Tesla Model S Plaid Nýurburgring ýaryş ýolunda Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi. Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň Twitterde habar bermegine görä, “Tesla-nyň” iň tiz we iň kuwwatly liftbek modifikasiýasy “gysga” aýlawa (20,6 kilometr) 7 minut 30,9 sekunt sarp etdi – bu Porsche Taycan Turbo üçin gerek bolan wagtdan 12 sekunt azdyr. Model S-iň ortaça tizligi sagatda 166,3 kilometr boldy diýip, motor.ru belleýär.

Tesla Model S Plaid ilkinji gezek Nýurburgringe 2019-njy ýylda - Porsche Taycan-yň tanyşdyrylyşyndan soň çykdy. Şonda üç motorly gurluşy bolan liftbek aýlawy 7 minut 23 sekuntda geçdi, ýöne bu görkeziji resmi däldi: wagt synaga gatnaşan “Auto motor und Sport” žurnalisti tarapyndan elde bellenildi.

Häzir bolsa Ilon Mask rekord wagty bilen suraty ýerleşdirdi. Görnüşi ýaly, 7 minut 30,9 sekuntda Model S Plaid 20,6 kilometri geçdi, uzynlygy 20,8 kilometr bolan “Demirgazyk aýlawyny” doly geçmek üçin liftbek 7 minut 35,6 sekunt sarp etdi. Sürüşden wideo ýazgy heniz ýerleşdirilmedi. Şeýle-de bolsa, gysga aýlawda Tesla Porsche Taycan Turbo-dan (7:42.34) 12 sekunt öňe geçdi, ýöne Chevrolet Corvette Z51-den (7:29.90) we Porsche 911 Carrera S-den (7:30.41) yza galdy. 

Mask rekordyň “zawoddan getirilen” Model S Plaid tarapyndan goýlandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýöne ol tiz wagtdan Nýurburgringe täze aerodinamiki detallar, karbon tormozly we ýaryş tekerleri bilen doly işlenen liftbegiň çykaryljakdygyna wada berdi. 


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......