Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köpugurly sergi guralar

  • 17.09.2021 11:34
  • 4.4k+

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda giň möçberli sergi guralar. Forumyň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekki ugurlaryny hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümlerini tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri geçiriler.

16-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň belleýşi ýaly, degişli maksatnama laýyklykda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçiriljek sergide milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümler görkeziler.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigini, ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, sergiler ýetilen sepgitleri görkezmek, netijeli mahabat işlerini alyp barmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we şertnamalary baglaşmak hem-de bazar meýillerini öwrenmek we onda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçiligi üpjün edýär. Şoňa görä-de, innowasion tehnologiýalar we täzeçil usullar önümçilige has işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip nygtady.


26.06.2026 20:34
1.5k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

06.06.2026 20:16
3.1k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......