Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň täze Tertipnamasy taýýarlanylýar

  • 17.09.2021 11:55
  • 23k+

Häzirki wagtda “Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň nobatdaky sanly ulgam arkaly mejlisinde türkmen Liderine hasabat berdi.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanynyň garamagyna ýurdumyzyň çäginde demir ýol ulaglarynda ýükleri daşamak üçin kämilleşdirilen ýol resminamasyny ulanmak bilen baglanyşykly teklip hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçilmegi we döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, demir ýol pudagynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. “Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda hem-de bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulaglary düzümini kämilleşdirmek, demir ýol ulagynyň üpjünçilik ulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzümleriniň häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, demir ýollar arkaly daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze çekilen hem-de döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, daşary ýurtlardan döwletimize getirilýän ýükleri gysga hem-de amatly ýollar arkaly getirmek bilen baglanyşykly meseleler öwrenilmelidir diýip, türkmen Lideri bu ugurda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


düýn 15:54
3.8k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......

düýn 15:48
3k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

düýn 13:12
2.1k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

düýn 06:55
11k+

Türkmenistanda Gurban baýramynyň belleniljek günleri kesgitlendi

Türkmenistanda şu ýyl Gurban baýramy 27-28-29-njy maýda belleniler. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi....