Merkezi Aziýada iň uly LED ekranly Türkmenistanyň Döwlet münberi açyldy

  • 17.09.2021 09:55
  • 15k+

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Türkmen Lideri Döwlet münberiniň binasyna baryp, onuň gurluşynyň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, Döwlet münberini açdy. Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Döwlet münberiniň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar. Bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar.

Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Şeýle hem münbere gelýän üç kilometre golaý ýol çekildi. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi, şeýle hem oňa ýanýoda çekildi we özboluşly yşyklandyryş ulgamy ornaşdyryldy. Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.


02.06.2026 17:31
1.2k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

31.05.2026 04:56
3.5k+

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......