Türkmenistan Özbegistan bilen bilelikde awtomobil önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

  • 16.09.2021 07:54
  • 27k+

Özbegistan bilen Türkmenistan awtomobil, oba hojalyk we elektrotehniki enjamlaryň, taýýar dokma we deri önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ýola goýmak, şeýle-de iki ýurduň çäginde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Trend Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.

14-nji sentýabrda Daşkentde premýer-ministriň orunbasary – Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk meselesine garadylar we iki ýurduň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky 4 ýylda özbek-türkmen söwda dolanyşygynyň göwrüminiň 3 esse ýokarlanandygy nygtaldy. Oňyn ösüş oba hojalygy, miwe-gök önüm, farmasewtik we dokma önümleri, gurluşyk materiallary, nebit önümleri, elektrik energiýasy we beýleki harytlar bilen üpjünçiligiň ösmegi netijesinde gazanyldy. 

Iki ýurduň arasynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny köpeltmek, senagat kooperasiýasyny ösdürmek we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça amaly çäreleri durmuşa geçirmäge özara taýýarlyk bildirildi. Täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we geljekki ýokary derejeli saparyň ykdysady meýilnamasyny amaly mazmun bilen doldurjak özara bähbitli söwda şertnamalaryny baglaşmak boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada ylalaşyk gazanyldy. 

Şeýle-de, nebitiň, nebit önümleriniň, elektrik energiýasynyň, himiýa önümleriniň, polimer materiallarynyň we mineral dökünleriň üpjünçiligini ýokarlandyrmak arkaly özara söwdanyň göwrümini artdyrmaga gyzyklanma bildirildi.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki işiň derwaýysdygy bellenildi. Ýokary derejeli saparyň öňüsyrasynda Özbek-Türkmen işewür forumyny guramak barada ylalaşyk gazanyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işjeň işlemäge taýýardyklaryny bellediler.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......