Eýranyň Mejlisiniň energetika komissiýasy Türkmenistandan gazyň importy dikeltmek isleýär

  • 16.09.2021 11:11
  • 5.9k+

Eýran gazyň önümçiliginde we sarp edilişinde deňagramsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu meselede Türkmenistandan tebigy gazyň importyny dikeltmeklik meseläniň çözgüdi bolup biler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň (Parlamentiniň) energetika komissiýasynyň resmi wekili Mustafa Nahaei aýtdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Iranian Labour News Agency (ILNA) habarlar agentligine beren interwýusynda Nahaei EYR-nyň Nebit minsitrliginiň gün tertibinde duran Türkmenistandan gazyň importyny dikeltmeklik ýurtda gyş möwsüminde mümkin bolan tebigy gaz ýetmezçiliginiň bölekleýin öwezini dolup biler. Bu çäre içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, diplomatik nukdaýnazardan hem wajypdyr.

«Bizde gazyň ägirt uly ätiýaçlyklarynyň bardygy hakykat, galyberse-de, biz gazy Türkiýä hem Yraga eksport edýäris. Ýöne bu Türkmenistandan gazy import etmäge päsgelçilik bermeýär» - diýip Eýranyň Parlamentiniň deputaty aýtdy.

Ol şeýle hem gazy import etmek meselesiniň ýurduň umumy energetiki garaşsyzlygyna çapraz gelmeýändigini belledi.

«Ýurduň gündogarynda, günorta-gündogarynda we käbir demirgazyk böleklerinde bizde zerur bolan infrastruktura ýok we biz energiýa üpjünçiligi babatda kynçylyklara sezewar bolýarys. Şonuň üçin hem Türkmenistandan gaz import etmek bu meseläniň oňat çözgüdi bolup biler» - diýip Nahaei düşündirdi.

«Häzirki biz gazyň önümçiliginde we sarp edilişine deňagramsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Geçen gyş hem biz gazyň sarp edilişiniň artmagy zerarly ýangyç ýetirmek, aýratyn hem elektrik stansiýalaryna ýetirmek bilen bagly meselelere sezewar bolupdyrk. Şu tomusda elektrik energiýasynyň kesilmegi belli bir derejede ýurdumyzyň elektrik stansiýalaryny ýeterlik derejede üpjün edip bilmändigimiz üçin boldy. Şu ýerden gelip çykýan netije: deňagramsyzlyk meselesini Türkmenistandan gazy import etmegiň hasabyna çözüp bolar» diýip Nahaei aýtdy.

Eýranly deputat degişli gepleşiklerde üstünlik gazanmagyň ýurduň bähbitlerini üpjün etmekde, gaz diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda öňe tarap ädim boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistan öň iberilen gaz üçin eýran kompaniýasynyň bergisiniň toplanyp gidenligi sebäpli, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Eýrana gaz ibermelerini kesdi. Uzak dowam eden gepleşiklere garamazdan, taraplar umumy ylalaşyga gelip bilmediler we «Türkmengaz» döwlet konserni Halkara arbitraž kazyýete (ICA) arza bilen ýüz tutmaly boldy.

Geçen ýyl ICA eýran-türkmen gaz dawasy barada Türkmenistanyň peýdasyna bolan hökümini çykardy.


13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...