Britan alymlary rak keselini ir ýüze çykarmak boýunça barlag geçirip başlady

  • 15.09.2021 12:22
  • 6.5k+

Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy rak keseliniň 50-den gowrak görnüşini ir anyklamak üçin Grail kompaniýasynyň täze gan seljeriş ulgamyny synagdan geçirmäge başlady. Bu barada Reuters agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Synaga 140 müň töweregi meýletinçi gatnaşar. Grail kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Galleri atly barlag rak keseliniň irki tapgyrlarynda DNK üýtgemelerini anyklamaga mümkinçilik berýär. Bu adamda alamatlar ýüze çykmazdan ozal täze döremeleri anyklamaga we bejerginiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

“Barlag rak keselini ir ýüze çykarmakda öňegidişlik bolup biler we biz şeýle möhüm synag işine ýolbaşçylyk edýändigimize şat. Bize giçki tapgyrlarda anyklanýan rak keselleriniň sanyny ep-esli azaldyp biljekdigini ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin Galleri barlagyny düýpli öwrenmek gerek” – diýip, synag maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýän Londonyň Patyşa kollejiniň onkologiýa professory Piter Sasiýeni belledi. 

Bu synag üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy ony dowam etdirmegi hem-de 2024-nji we 2025-nji ýyllara çenli synag üçin ýene 1 mln töweregi adamy çekmegi meýilleşdirýär. Ilkinji netijeleriň 2023-nji ýyla çenli alynmagyna garaşylýar.


düýn 23:19
864

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......

düýn 18:12
2.6k+

Ýagşyň sesi şalynyň gögerişini çaltlaşdyrýar

Amerikaly alymlar ýagşyň sesiniň şaly tohumlarynyň gögerişini çaltlaşdyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Barlagyň netijesine görä, düşýän damjalardan çykýan akustiki tolkunlar ösümligiň öýjüklerinde titremäni......

düýn 14:52
4.9k+

Sibirde 24 müň ýyl bäri doňup duran jandar gaýtadan janlandyryldy

Alymlar Sibiriň hemişelik doňan gatlagynda takmynan 24 000 ýyl bäri duran mikroskopik köp öýjükli jandary — kolowratkany (rotifer) janlandyrmagy başardylar....

düýn 13:19
2.2k+

Adamlarda el-aýaklaryň dikeliş prosesini işjeňleşdirip bilýän genleriň bardygy anyklandy

Üç laboratoriýanyň halkara alymlar topary SP maşgalasyndan bolan genleriň adam dokumalaryny dikeltmek boýunça terapiýanyň esasyny düzüp biljekdigini anyklady....