Raşid Meredow germaniýaly kärdeşi bilen owgan meselesini maslahatlaşdy

  • 15.09.2021 07:35
  • 5.7k+

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

Ministr raýatlarynyň Owganystandan çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german Hökümetiniň adyndan Türkmenistana çuňňur hoşallygyny bildirdi. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan öz howa giňişliginiň ulanylmagy üçin rugsatnamanyň dessin berilmeginiň, adamlaryň guramaçylykly çykarylmagynyň netijeliliginiň kesgitleýji şerti bolandygy aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn özara hereketler bilen bagly pikirleri alyşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Germaniýanyň «Ýaşyl Merkezi Aziýa» başlangyjynyň çäklerindäki netijeli özara hereketleriniň, şol sanda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem derwaýys ähmiýeti bellenilip geçildi. Taraplar şeýle-de halkara we sebit gün tertibine degişli möhüm meselelere hem seredip geçdiler. Şu nukdaýnazardan, owgan ugry boýunça işjeň dialogyň dowam edilmegi babatda özara taýýarlyklar mälim edildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

30.04.2026 20:14
1.9k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

29.04.2026 15:09
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......