Türkmenistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşanbe sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

  • 14.09.2021 09:15
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň mfa.tj saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Eýranyň, Hytaýyň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Pakistanyň we Hindistanyň Premýer-ministrleri gatnaşarlar. Şeýle hem gatnaşyjylaryň hatarynda ŞHG-niň Baş sekretary Wladimir Norow, guramanyň terrorçylyga garşy sebitleýin düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň direktory Jumahon Giýosow, BMG-niň Baş sekretary we beýleki iri sebitleýin düzümleriň ýolbaşçylary bar.

Şeýle hem şol gün — 17-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde ŞHG-niň we Toparlaýyn Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy geçiriler. Onuň dowamynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýeri gelende bellesek, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri tarapyndan esaslandyrylan halkara gurama bolup, häzirki wagtda Hindistan we Pakistan hem onuň agzalarydyr. Guramada 2021-nji ýylda Täjigistan başlyklyk edýär we öňde boljak sammitiň netijeleri boýunça Eýranyň ŞHG-ä doly hukukly agza hökmünde girmegi bilen bagly meseläniň çözgüdine seretmek meýilleşdirilýär.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......