Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýaddaky ilçileri duşuşyga gatnaşdylar

  • 14.09.2021 08:46
  • 5.2k+

13-nji sentýabrda Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretariatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýad şäherindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň Geňeşiň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we gepleşikler boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary Geňeş bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýurtlaryň arasynda maýa goýum, energetika, söwda-ykdysady, ylmy-medeni we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem garaldy.


29.05.2026 08:03
7.2k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......