Türkmenistanda sekiz aýyň makroykdysady görkezijileri nähili?

  • 11.09.2021 09:36
  • 12k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Mejlisiň başynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň sekiz aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5 göterime, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 102-siniň, şol sanda suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, meýdany 129,1 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 1 milliard 449,1 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
2.8k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......