«Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri yglan edildi

  • 09.09.2021 08:36
  • 30k+

8-nji sentýabrda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän  “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşgünli zehinleriniň gözden geçirilişi  Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň  jemleýji konsertinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen ýaş zehinli aýdymçylaryň joşgunly aýdymlary ýaňlandy. Bäsleşige dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz  merkeziniň  amfiteatrynda eziz Diýarymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünliklerini, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän halk we estrada aýdymlary uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýaňlandy. Aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlarynyň döreden, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň aýdymlaryna täze äheň bermäge çalyşdylar.

Konsertiň ahyrynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi we olar döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.

Ine, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň  jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň sanawy:

  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Meýlis Kerimowiç Hallyýew;
  • Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Mähri Çaryýewna Çaryýewa;
  • Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory Dörtguly Baýramgeldiýewiç Kerimow;
  • Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik  geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Kuwwat Jepbar ogly Weýisow;
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Röwşenowiç Taýyrow;
  • Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bägül Orazsähedowna Ataýewa.

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......