Türkmenistan Owganystan boýunça täze hyzmatdaşlyk meýdançalaryny döretmegiň tarapdary

  • 09.09.2021 00:40
  • 8.5k+

8-nji sentýabrda Owganystan boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk arkaly köptaraplaýyn duşuşygy  geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Duşuşyga türkmen tarapyndan hem wekil gatnaşyp, ýakyn goňşy  hökmünde Türkmenistan üçin syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer nukdaýnazardan Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagynyň möhümdigi barada çykyş etdi.

ABŞ-nyň we GFR-iň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Owganystandaky häzirki ýagdaýlar we halkara jemgyýetçiligiň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegindäki tagallalary babatda pikir alyşdylar.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habarynda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy hem-de durmuş ulgamynyň durnuklylygyny, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajypdygyny nygtady. 


şu gün 10:12
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bruneýiň Soltanyny we halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada 23-nji fewralda TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi...

düýn 12:31
6.3k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär...

düýn 12:21
7.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde bu ýurduň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh bilen duşuşdy...

düýn 11:35
6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada aýtdy

Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han bilen intwerýusynda aýtdy...