Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Özbegistanda saparda bolar

  • 07.09.2021 10:29
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti ýakyn wagtda Özbegistan Respublikasynda saparda bolar. Bu barada 6-njy sentýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda türkmen Lideri habar berdi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, birnäçe ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk şu döwrüň talabyna we iki ýurduň bar bolan ägirt uly kuwwatyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyklar gazanylar. Şolaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde bu topara möhüm orun degişlidir.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belläp, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere özüniň özbek kärdeşi bilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we gazanyljak ylalaşyklar barada pikir alyşmagy we onuň anyk senesini kesgitlemegi tabşyrdy, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna ýakynda boljak saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara gol çekiljekdigini aýtdy.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....