Türkmenistanyň täze Hökümet münberinde Merkezi Aziýada iň uly multimedia ekrany goýuldy

  • 06.09.2021 08:43
  • 17k+

Merkezi Aziýada iň uly — 120×12 metrlik ekran Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Türkmenistanyň täze Hökümet münberiniň öňünde oturdyldy. Bu barada “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň www.vozr.ru resmi internet saýtynda habar berilýär.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze Hökümet münberini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda — 16-njy sentýabrda açmak meýilleşdirilýär.  

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu desgany Fransiýanyň meşhur “Bouygues” kompaniýasy bina etdi. Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bolsa münbere barýan ýoluň hem-de onuň öňündäki meýdançanyň gurluşygyny alyp bardy. Hökümet münberinde dürli görnüşli iri köpçülikleýin çäreleri geçirmek mümkin. Şu maksat bilen, desga bina edilende, Aşgabadyň gözelliklerini töwerekleýin synlamaga mümkinçilik berýän uly bolmadyk belentlik saýlanyp alyndy.

Ýeri gelende bellesek, Hökümetiň sanly ulgam arkaly 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa türkmen Liderine Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, Aşgabatda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

16-njy sentýabrda açylmagy göz öňünde tutulýan desgada häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün eder. Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......