Bakuwda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna weloýöriş guraldy

  • 06.09.2021 08:44
  • 10k+

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Baku şäheriniň deňiz ýakasyndaky Milli seýilgähiniň müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş gurady. Bu barada Azerbaýjanyň Trend habarlar agentligi maglumat berýär.

Weloýörişe diplomatik korpusyň wekilleri, talyplar hem-de welosporty söýüjiler gatnaşdylar. Döwlet baýdagy meýdançasyndan badalga alan weloýöriş Bakuwyň merjeni hasaplanýan deňizýaka seýilbagyndaky welosiped ýodajyklary boýunça dowam etdi.

TmCars.info golaýda Türkmenistanyň baş baýramynyň şanyna Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen köpçülikleýin weloýöriş barada hem okyjylarymyza habar beripdi. Üç kilometrlik ýöriş Kalinin etrabynyň Murinsk seýilgähinde geçirildi. Oňa şäheriň türgenleri, bu ýerde okaýan türkmen talyplary, «Mekan» jemgyýetiniň agzalary hem-de Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......