Awtoulag sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

  • 04.09.2021 08:32
  • 22k+

Türkmenistanda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

 Resminama bilen, Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Içeri işler ministrligine, Goranmak ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Bilim ministrligine, Döwlet serhet gullugyna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....