Türkmenistanda şu ýyl 690 müň gektara bugdaý ekiler

  • 04.09.2021 08:22
  • 3.8k+

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurduň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, oňat taýýarlanan topraga: “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen, bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler.

Türkmenistanda şu ýyl 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2022-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten-1”, “Miras” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
982

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......