Italiýanyň meşhur şäheri syýahatçylary öňünden hasaba almak boýunça kabul edip başlar

  • 03.09.2021 07:39
  • 4.1k+

Italiýanyň meşhur Wenesiýa şäheriniň häkimiýetleri 2022-nji ýylyň tomsundan başlap syýahatçylardan şähere baryp görendikleri üçin töleg almagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. 

Agentligiň maglumatlary boýunça, ýerli ýaşaýjylar Wenesiýa “zyýan ýetirýän” syýahatçylardan yzygiderli zeýrenýärler, ýöne şäher administrasiýasy şäheriň ykdysadyýetiniň bu ýere gelýän myhmanlara bagly bolandygy üçin syýahatçylardan ýüz öwürmäge taýýar däl. Muňa garamazdan, häkimiýetler eýýäm birnäçe ýyl bäri syýahatçylyk akymyna gözegçilik etmek boýunça çäreleri girizmegiň mümkinçiligini maslahatlaşýarlar diýip, lenta.ru belleýär.

Şeýlelikde, şäheriň gözel ýerlerine barmak üçin öňünden hasaba alnan dynç alyjylar şäheriň taryhy merkezine alyp barýan esasy ýollarda gurulmagy meýilleşdirilýän turniketler arkaly goýberiler diýlip çaklanylýar. Şol bir wagtyň özünde petegiň bahasy möwsüme we belli bir günde garaşylýan syýahatçy sanyna görä, üçden on ýewro çenli üýtgäp biler.

Şeýle-de, diňe ýerli ýaşaýjylaryň we olaryň garyndaşlarynyň däl, eýsem Wenesiýanyň myhmanhanalarynda otag bronlan syýahatçylaryň hem salgytdan boşadyljakdygy aýdyňlaşdyrylýar. 


05.06.2026 21:38
6.7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.8k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......