Xiaomi elektromobilleri öndürmek boýunça golçur kärhanasyny bellige aldy

  • 02.09.2021 18:14
  • 5.2k+

Smartfon öndürmek boýunça dünýä liderleriniň biri bolan Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy elektromobil öndürmek bilen meşgullanjak hususy golçur kärhanasyny bellige almagyny tamamlady. Bu barada kompaniýanyň Weibo sosial ulgamdaky resmi akkauntynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Täze “Sýaomi siçe” kompaniýasynyň düzgünnama maýasy 10 mlrd ýuan (1,5 mlrd dollar töweregi) boldy. Onuň kanuny wekili hökmünde Xiaomi-niň müdirler geňeşiniň başlygy Leý Szýun tassyklandy. Öňümizdäki on ýylda Xiaomi elektromobilleriniň önümçiligine umumy maýa goýum 10 mlrd dollara ýeter.

Kompaniýanyň hususy elektromobillerini işläp taýýarlamagy we öndürmegi meýilleşdirýändigi baradaky bildirişi bilen degişli golçur kärhanasynyň bellige alnyşynyň aralygynda bäş aý geçdi. Habarda Xiaomi-niň täze kompaniýa üçin eýýäm 300 hünärmenden ybarat bolan topary ýygnandygy, ýöne ýokary hünärli işgärleri gözlemegi dowam etdirýändigi aýdylýar. Şeýle-de, şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Xiaomi awtomobiller üçin sürüjisiz dolandyrmak tehnologiýalaryny işläp düzmek bilen meşgullanjak ýörite gurluşyň döredilýändigi barada habar berdi.

Xiaomi 2010-njy ýylyň aprel aýynda esaslandyryldy we häzirki wagtda dünýäniň iň uly smartfon öndürijileriniň hataryna girýär. 2018-nji ýylda ol Gonkong biržasynda özüniň paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürledi. Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Xiaomi-niň bazar kapitallaşdyrmasy ilkinji gezek 100 mlrd dollardan geçdi.


düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....