Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynyň wekillerini 1-nji sentýabr mynasybetli gutlady

  • 01.09.2021 12:11
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gutlag iberdi. Onda bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirilýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işleri amala aşyrýarys. Asylly däbimize eýerip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde bilimler baýramçylygyna gabatlap, täze orta mekdepleri dabaraly açýarys, joşgunly aýdym-sazly çäreleri geçirýäris. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri gowşurýarys.

«Bilim — täzeleniş we öňegidişlikdir. Şoňa görä-de, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen täze belentliklere barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimizi has-da çaltlandyrýarys. Şu ýyl «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul edip, milli bilim ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kadalaryň gerimini giňeltdik, şeýle hem bilim işini dolandyrmagyň täze guramaçylyk esaslaryny kesgitledik» diýip, türkmen Lideri Gutlagynda asylly käriň eýeleri bolan mugallymlaryň Watan, maşgala, agzybirlik we jebislik, zähmetsöýerlik, arassa ahlak mukaddesligi hakyndaky taglymatlarymyzy rowaçlandyrmak bilen, bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdiklerine, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barjakdyklaryna berk ynanýandygyny nygtaýar.


şu gün 02:12
1.9k+

Türkmen talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 olimpiadalarynda 46 medal gazandy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalarynda 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç baýraga mynasyp boldy diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berýär...

şu gün 00:48
1.9k+

Türkmen talyplary Buharada geçirilen matematika we himiýa boýunça olimpiadalarda bäş medal gazandy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda bäş sany baýraga mynasyp boldy...

31.01.2026 20:10
4.3k+

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen ähtnama gol çekdi

2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi...

31.01.2026 18:16
2.2k+

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy

25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy...