Öňüni alyş diplomatiýasy — Türkmenistanyň täze garaýyşlarynyň esasy ugry

  • 01.09.2021 12:55
  • 19k+

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy durmak boýunça wezipeleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn orun berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine goldaw bermegini dowam eder. Şeýle hem

  • Ýaşlar üçin Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy,
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

ýaly maksatnamalary mundan beýläk-de ilerletmek göz öňünde tutulýar. Olar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan şeýle-de «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş eder. 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitiniň barşynda bu başlangyjy berkitmek bilen bagly meselelere seretmek meýilleşdirilýär.


şu gün 16:45
505

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....