Türkmenistanyň Prezidenti Awaza etrabyna täze ýolbaşçylary belledi

  • 31.08.2021 08:29
  • 14k+

30-njy awgustda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Awaza etrabynyň ýolbaşçylaryny wezipeden boşatmak we wezipä bellemek bilen bagly käbir resminamalara gol çekdi.

Hususan-da: 

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen, Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Bu wezipelere Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Şeýle hem Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Gurbanmyrat Arazgulyýewiç Nyýazow hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

düýn 17:48
5.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....