Lukman ertirlik naharyndan soň diş ýuwmagyň zyýany hakynda aýtdy

  • 30.08.2021 17:49
  • 16k+

Diş lukmany Anna Peterson özüniň TikTok hasabynda näme üçin ertirlik naharyndan soň dişleri ýuwmaly däldigini düşündirdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Lukmanyň bellemegine görä, ertirlik naharyndan soň dişleri ýuwmak endigi dişiň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Sebäbi iýmit iýilenden soň, agyzda okislenme hadysasy başlanýar. Şeýlelik bilen, dişleri ýuwýan mahaly adam kislotany dişiň emalyna sürtüp biler, bu bolsa öz gezeginde onuň zaýalanmagyna sebäp bolýar.

Sagdyn saklamak üçin dişleri ertirlik naharyndan öň ýuwmak dogry bolar. Şeýdilende, iýmitiň dişlere ýetirýän zyýanly täsirini azaltmaga mümkinçilik döreýär.

Umuman aýdanyňda, lukman dişleri agyz çaýkalýan serişde hem-de diş sapajygy bilen günüň dowamynda, azyndan, iki gezek arassalamagy maslahat berdi.


24.03.2025 06:24
3.5k+

Tans adamyň keýpini göterýär we ruhy saglyk üçin örän peýdaly

Tans etmek adamyň keýpini göterýär, umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrýar we stres derejesini peseldýär. Şeýle hem psihologik streslere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Beýik Britaniýanyň Rohampton uniwersitetiniň...

23.06.2022 12:42
101k+

Türkmenistanda şahsy awtoulaglarda agyz-burun örtüklerini dakmak hakynda

TmCars.info ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň Buýrugy bilen kesgitlenen Türkmenistanda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde agyz-burun örtükleriniň hökmany...

16.06.2022 22:39
102k+

Türkmenistanda nirelerde agyz-burun örtüklerini hökmany dakynmaly?

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň Buýrugy bilen, Türkmenistanda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde agyz-burun örtükleriniň hökmany dakynylmaly ýerleri kesgitlenildi...

08.01.2022 18:45
30k+

Pyşbagalaryň uzak ýaşamagynyň syry anyklanyldy

ABŞ-nyň Buffalo uniwersitetiniň alymlary pyşbaganyň uzak ýaşamagynyň sebäbini anykladylar. Bu barada potokmedia.ru habar berdi. Alymlar Ekwadordaky pyşbagalaryň nädip 100 ýyl ýaşap bilýändigi bilen gyzyklandylar...