«Türkmendokma» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

  • 28.08.2021 12:26
  • 5.4k+

Türkmenistanda Mary şäherinde ýerleşýän “Merw” we Türkmenabatdaky “Lebap” söwda kärhanalaryny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet eýeçiligindäki edaralary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň paýyny ýokarlandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmek anyk görkezmeleri berdi.

Türkmen Lideri dokma pudagyny ösdürmek boýunça degişli resminama gol çekdi we oňa laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. Şeýle-de “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde Dokma senagaty ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 90 göterim hem-de ministrligiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkezine esaslyk maýadaky paýy 10 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.


31.01.2026 02:46
2.2k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.1k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...

28.01.2026 13:31
1.8k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar...

08.11.2025 09:37
5.5k+

ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi...