Raşid Meredow pakistanly kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 27.08.2021 11:57
  • 4.7k+

Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada saparynyň çäklerinde Pakistanyň baş diplomaty türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. Bu barada TDIM-niň resmi internet saýtynda habar berilýär. 

Bellenilişi ýaly, 26-njy awgustda Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşygy geçirildi. Taraplar iki döwleti dostluk we wagtyň synagyndan geçen gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. 

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi hem-de olaryň geljekde durmuşa ornaşdyrylmagynyň Yslamabat tarapyndan resmi taýdan goldanyljakdygy tassyklanyldy.  

Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berip, diplomatlar Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygy babatda Türkmenistanyň we Pakistanyň gyzyklanmalaryny tassykladylar. 


düýn 22:55
136

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......