Türkmenistanda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi çäklendiriler

  • 26.08.2021 00:28
  • 31k+

Türkmenistanda häzirki döwürde köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini çäklendirmek babatda teklipler taýýarlanylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belläp, bu ugurda degişli düzümleriň bilelikde iş alyp barmagynyň wajypdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, dünýäde koronawirus ýokanjynyň bar döwründe onuň ýurdumyza getirilmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly çäreleri güýçlendirmek, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, beýleki edara-kärhanalarda alnyp barlan göreş çärelerini talabalaýyk guramak, sanitariýa we epidemiologiýa kadalaryny berk berjaý etmek maksady bilen bu ugurda halkara tejribesini öwrenmek esasynda degişli kanunçylyga seljerme işlerini geçirmeli hem-de üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak zerur hasaplanýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde arassaçylyk, degişli zyýansyzlandyryş işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.


düýn 10:07
2.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.6k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....