Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň işiniň netijelerine garaldy

  • 25.08.2021 23:10
  • 33k+

Şu gün, 25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan wezipelere garady.

Mejlisiň çäklerinde güýz paslynyň gelmegi bilen ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we bu babatda ugurdaş düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän işler barada hasabatlar diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda häzirki döwürde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen birlikde ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan saglyk durmuş ýörelgeleriniň, öňüni alyş çäreleriniň we lukman maslahatlarynyň dogry we dürs ýerine ýetirilmegini düşündirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilmelidir diýip, türkmen Lideri belledi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ähli künjeklerinde arassaçylyk, degişli zyýansyzlandyryş işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň täsirine garşy mundan beýläk-de alnyp barylmaly işler bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.


düýn 10:55
5.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......