Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy

  • 24.08.2021 14:14
  • 6.5k+

23-nji awgustda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy. Ol “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.

Döwrebap ugurdaş enjamlar hem-de degişli inženerçilik-tehniki ulgamlar bilen üpjün edilen önümhanada halyçy gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şonuň ýaly-da naharhana, dynç alyş otagy, lukmançylyk bölümi, iş otaglary, maslahatlar zaly, ussahana, çig maly we taýýar önümi saklamak üçin ammar bar. Bu ýerde haly muzeýi hem ýerleşýär. Bu önümhana Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli şeýle desgalaryň ýedinjisidir. Onda şanly waka mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guraldy. Däp bolşy ýaly, tapawutlanan gurluşykçylara türkmen Lideriniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


01.06.2026 16:11
2.1k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:04
3.2k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......

31.05.2026 04:56
3.5k+

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

06.05.2026 22:58
7.1k+

«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi täze sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Mary welaýatyndaky «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tejribeli......