Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

  • 31.05.2026 04:56
  • 3.6k+

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirildi.

Eminler topary bäsleşige hödürlenen halylaryň hem-de haly önümleriniň dokalyşyna, çeperçiligine we nagyşlarynyň sazlaşygyna baha berip, ýeňijileri kesgitledi.

Bäsleşigiň baş baýragyna Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Bagtyýar» atly peýzaž halysy mynasyp boldy. Boýy 2,02, ini 3 metr we meýdany 6,06 m² bolan halyny Annagözel Meläýewanyň ýolbaşçylygyndaky topar dokady.

Panno-peýzaž halylar boýunça birinji orny Türkmen halysynyň milli muzeýiniň «Aýna goçak» halysy (topar ýolbaşçysy Annanabat Durdyýewa, meýdany 6 m²) eýeledi. Ikinji orna Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «At» halysy (topar ýolbaşçysy Bagtygül Gurbansähedowa), üçünji orna bolsa şol kärhananyň «Alabaý» atly peýzaž halysy (topar ýolbaşçysy Täjigül Nyýazowa) mynasyp görüldi.

Uly ölçegdäki, ýagny 4 inedördül metr we ondan uly bolan halylaryň arasynda ýokary çeperçiligi üçin birinji orun Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Owgan göli» düşegi gyzyl reňkli halysyna (topar ýolbaşçysy Maýa Açylowa) berildi. Ikinji orny Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Deňiz göli» dürli reňkli halysy (topar ýolbaşçysy Altyntäç Sopyýewa), üçünji orny bolsa ýene-de Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Owgan göli» atly ýerligi gyzyl halysy (topar ýolbaşçysy Annabeg Ýazmedowa) eýeledi.

Ululygy 2,5 inedördül metrden 3,90 inedördül metre çenli bolan halylardan birinji orna Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň «Eňsi» düşegi gyzyl reňkli halysy (topar ýolbaşçysy Enetäç Aşyrowa) mynasyp boldy. Ikinji orny Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň «Eňsi» düşegi gyzyl reňkli halysy (topar ýolbaşçysy Güljahan Tommyýewa), üçünji orny bolsa Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň «Wazzyk göli» düşegi gyzyl reňkli halysy eýeledi.

Ululygy 1 inedördül metre çenli bolan sowgatlyk halylaryň arasynda bolsa Mary çeper halyçylyk kärhanasyndan Aýnagözel Suwhanowanyň dokan «Şelpeli gölçe» dutar daşlygy birinji orna, Halaç çeper halyçylyk kärhanasyndan Gülnara Weliýewanyň «Lebap gölli» halysy ikinji orna, Bereket çeper halyçylyk kärhanasyndan Bagtygül Myralyýewanyň «Gabsa gölli» halysy bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.


15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....