Türkmenistanyň biržasynda 31,7 mln dollarlyk 46 geleşik baglaşyldy

  • 23.08.2021 14:26
  • 4.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Marşal adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtomobil benzinini, uçar ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) hem-de agyr wakuum gazoýli satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine float aýnasy, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de buýan köküniň ergini ýerlenildi.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 39 million 270 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 3 million 700 müň manada deň boldy, daşary ýurt puluna bolsa jemi bahasy ABŞ-nyň 541 müň dollaryndan gowrak portland sement ýerlenildi.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......