Türkmenistanda awtoulag sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işi kämilleşdirilýär

  • 21.08.2021 16:04
  • 28k+

Türkmenistanda “Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky” Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Resminamada awto, moto, traktorlar we oba hojalyk ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

Täze Düzgünnamada sanly tehnologiýalara esaslanýan elektron okuwy peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýokary derejeli sürüjileri taýýarlamakda degişli işleri geçirmegiň, hususan-da, awtomobil mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hem-de oňa sanly tehnologiýalary we innowasion enjamlary giňden çekmegiň möhümdigi, Düzgünnamada taraplaryň hukuklarynyň we borçlarynyň, sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bildirilýän talaplaryň kesgitlenilmelidigi barada aýtdy. “Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky” Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew habar berdi.


düýn 15:40
2.3k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....