Türkmenistanyň diplomatik gullugyna degişli täze Kararlar kabul edildi

  • 21.08.2021 02:24
  • 12k+

20-nji awgustda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işi bilen bagly resminamalaryň birnäçesi hödürlendi.

Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, “Diplomatik gulluk hakynda” we “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
  • “Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň sanawy, şeýle hem daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny saklamak üçin çykdajylaryň sanawy tassyklanyldy.

Türkmen Lideri Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Kararlardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek barada tabşyryk berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmegi, halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegi tabşyrdy.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

30.04.2026 20:14
1.8k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......