Türkiýede Alp Arslana bagyşlanan täze teleserial ýaýlyma çykyp başlar

  • 20.08.2021 21:17
  • 17k+

Türkiýäniň «TRT 1» teleýaýlymy 6-njy sentýabrdan «Alp Arslan» atly täze teleserialyny ýaýlyma berip başlar. Bu barada kp.ru habar berdi.

Filmde baş rollarda Baryş Arduç we Burak Özçiwitiň aýaly Fahriýe Ewjen çykyş edýär. Fahriýe üçin täze taryhy dessandaky bu rol uzak göwrelilik rugsadyndan soň ekranlara dabaraly ýagdaýda dolanyp gelmek bolup durýar. Onuň öz işine jogapkärçilikli çemeleşip, eýýäm gylyçlaşmak we at münmek boýunça birnäçe sapaklary alandygy bellenilýär.

Belläp geçsek, ýakynda teleýaýlymyň metbugat gullugy ýüzlenme bilen çykyş etdi, onda "Alp Arslanyň" "Oýanyş: Beýik Seljuklar" serialynyň dowamydygy nygtalýar. Ol üç möwsümden ybarat bolar.

Mundan ozal serialyň ýaýlyma goýberilişiniň yza - oktýabr aýynyň dördüne süýşürilendigi habar berlipdi. Ýöne teleýaýlymyň resmi wekilleri bu maglumatlary inkär etdiler.


26.06.2026 23:49
2.2k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....