16 — 18-nji awgustda Ankara şäherinde ýerleşýän Türkiýe Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň kongresler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli fotosuratlaryň we medeni gymmatlyklaryň sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň, ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde guramagynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasyna ady agzalan ministrligiň we Türkiýede hereket edýän halkara guramalaryň wekilleri, Gazagystanyň, Omanyň, Somaliniň, Çiliniň, Bangladeşiň, Moldowanyň, Portugaliýanyň Ankarada iş alyp barýan diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, türkmen talyplarydyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky doly ygtyýarly wekili garaşsyz ösüşiň 30 ýylynda ýurdumyzda gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitler, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlary, dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan köptaraplaýyn gatnaşyklar barada giňişleýin gürrüň berdi. Çärede çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlap, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň soňky ýyllarda bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýandygyny, ýurduň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmakda türkmen Lideriniň irginsiz tagallalarynyň barha rowaçlanýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Iki günlük sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasyna degişli gymmatlyklar, sungat eserleridir şaý-sepler, saz gurallary, häzirki zaman türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary, Türkmenistanyň şöhratly geçmişinden we bagtyýar şu gününden söz açýan fotosuratlar görkezildi. Türkmen Lideriniň galamyndan çykan eserler bolsa gözden geçirilişiň esasy bezegine öwrüldi. Sergä aýlanyp gören myhmanlar türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni gymmatlyklarynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.