Türkmenistanyň Russiýa iberýän gök önümleriniň möçberi 93% ýokarlandy

  • 17.08.2021 12:16
  • 9.5k+

Türkmenistandan Russiýa iberilýän gök-önümleriň we miweleriň möçberi 2021-nji ýylda 93 göterime çenli ýokarlandy. Geçen ýylda önümleriň 16,9 müň tonnasy eksport edilen bolsa, üstümizdäki ýylda bu görkeziji 32,7 müň tonna çenli artdy. Bu barada Rosselhoznadzoryň maglumatlaryna salgylanyp, finmarket.ru  habar berýär. 

Türkmenistandan Russiýa iberilýän önümleriň hatarynda pomidor we käşir aýratyn orun eýeläp, pomidoryň möçberi 16,4 müň tonnadan 31,9 müň tonna çenli, käşiriňki bolsa 40 tonnadan 302 tonna çenli ýokarlandy.

10-njy awgust ýagdaýyna görä, internet saýtda şu ýylda Russiýa Azerbaýjandan, Täjigistandan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan eksport edilen gök-önümleriň hem-de miweleriň möçberiniň hem görnetin artandygy habar berilýär.


düýn 20:14
842

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......