Bereket etrabynda göwrümi 18 mln kub metr bolan täze suw howdany ulanylmaga berildi

  • 11.08.2021 17:12
  • 18k+

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metre deň bolan täze suw howdanynyň gurlup ulanylmaga berildi. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerini we ähli oba zähmetkeşlerini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady. Döwlet Baştutanynyň Gutlagy «Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan mukaddes suw tebigaty janlandyrýar, giň giden sähralarymyzy gülzarlyga hem-de bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutan halkymyz asyrlarboýy onuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir - diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda gurlan bu suw howdany Garagum derýasynyň aşaky akymynda güýz we gyş pasyllarynda suw toplamaga, derýanyň akymyny sazlamaga hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmäge uly ýardam berer.


düýn 11:29
3.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly......

07.04.2026 23:10
8.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

05.04.2026 19:48
7.2k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan»......

05.04.2026 19:34
7.8k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp,......