Türkmenistan we Özbegistan Günorta Kawkazyň ulag geçelgeleri arkaly täze bazarlara çykmagy göz öňünde tutýarlar

  • 10.08.2021 08:38
  • 10k+

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüş, Günorta Aziýanyň we Günorta Kawkazyň ulag geçelgeleri arkaly täze bazarlara çykmak mümkinçiliklerini maslahatlaşdy.

Trend-iň “UZ DAILY” neşirine salgylanyp habar bermegine görä, bu meselä Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygynyň barşynda garaldy.

Mundan başga-da, taraplar Aşgabat Ylalaşygyna laýyklykda halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Özbegistanyň we Türkmenistanyň baştutanlary ýakyn wagtda ýurtlaryň arasynda täze ösüş nokatlaryny kesgitlemek, geljegi uly taslamalary we şertnamalary taýýarlamak üçin hökümetara komissiýanyň we Iş geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşdylar.

Öň, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň koronawirus pandemiýasyna garamazdan ösýändigi habar berildi.

Belläp geçsek, Aşgabat Ylalaşygyna Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda gol çekildi. Onuň maksady agza döwletleriň arasynda ýükleriň ygtybarly we bökdençsiz gatnawyny üpjün etmekden ybarat.

Resminama ulag çykdajylaryny optimizirlemek maksady bilen ýükleri gatnatmagyň we üstaşyr geçirmegiň tizligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de resmi resminamalary we proseduralary ýönekeýleşdirmäge we sazlaşdyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistan bilen Özbegistan dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýär. Aýratyn-da, 2021-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 166,9 mln dollara barabar boldy.

Hasabat döwründe Özbegistana türkmen importy 130,5 mln dollara, Özbegistanyň Türkmenistana eksporty 36,5 mln dollara barabar boldy.


şu gün 12:11
2.9k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......