Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa German bilen duşuşyk geçirdi

  • 07.08.2021 07:01
  • 9.6k+

6-njy awgustda «Awazada» Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Nataliýa German bilen duşuşdy.

Netijeli geçen söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki sammitiniň ýerliklidigini we öz wagtynda geçirilýändigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu ýokary derejeli waka sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy taraplary barada pikir alyşmak we karar bermek üçin meýdança boldy.


düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......