Türkmenistan we Gazagystan hyzmatdaşlyk resminamalarynyň toplumyna gol çeker

  • 06.08.2021 14:11
  • 9.9k+

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana iş saparynyň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Gazagystanyň lideri Awazada geçirilen sammitiň ýerliklidigini we öz wagtyndalygyny belledi.
Döwlet Baştutanlary iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn gün tertibindäki köp sanly meselä üns çekdiler.

Gazagystan bilen Türkmenistany diňe köpsanly bilelikdäki taslamalar bilen berkidilen strategik hyzmatdaşlyk däl-de, eýsem, taryhy taýdan däp bolan doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Gazagystanyň Lideri: «Ýakynda geçiriljek gepleşikleriň hem-de ýurtlarymyzyň arasynda şertnamalara gol çekilmegi doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga çynlakaý itergi berjekdigine şübhelenemok» -diýdi.

Prezidentler söwdany artdyrmak we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek arkaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Döwlet Baştutanlary medeni we ynsanperwer gatnaşyklar meselelerini hem ünsden düşürmediler..


düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......