Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 06.08.2021 12:26
  • 12k+

Şu gün, 6-njy awgustda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, söwda-ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek, Günorta Kawkaz we Günorta Aziýa geçelgeleri arkaly täze bazarlara çykmak, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Omanyň arasyndaky Aşgabat ylalaşygyna laýyklykda, ulag we üstaşyr geçelgeleri emele getirmek mowzuklary barada pikir alşyldy.
Ş.Mirziýoýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu duşuşygyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde nobatdaky tapgyr boljakdygyny belledi.


şu gün 12:11
2.9k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......