Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen gazyny import etmek barada maslahatlaşdy

  • 06.08.2021 12:02
  • 8.8k+

Şu gün, 6-njy awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen duşuşdy.

Duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw maslahatynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, Türkmenistandan Gyrgyzystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny import etmek, syýahatçylyk we beýleki meseleleri maslahatlaşdylar.

S.Japarow energetika, söwda, ulag, üstaşyr geçirimler, şeýle hem häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak ýaly meseleleriň bilelikdäki garaýyşlary we çözgüdi gözlemekligi talap edýändigini belledi.
Iki ýurduň Liderleri şeýle hem Awazada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......