Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň täze Prezidentiniň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşdy

  • 05.08.2021 23:50
  • 10k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy.  Bu barada iribnews.ir habar berýär.

Tähranyň «Meharabat» halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýurduň ýokary wezipeli adamlary hem-de Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanow garşylady.
Dabara kanun çykaryjy we kazyýet edaralarynyň, harby edaralaryň we ýokary wezipeli  ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Mejlisiň binasynda geçirildi. Prezident Raisi dabaraly ýagdaýda kasam kabul etdi. Dabarany Eýranyň milli telewideniýesi görkezdi. 
Täze Prezidentiň kasam kabul etmek dabarasyna dünýäniň 70-den gowrak döwletinden 115-e golaý wekil gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, 18-nji iýunda geçirilen Prezident saýlawlarynda Ebrahim Raisi sesleriň 17,9 mln-dan gowragyny gazanyp (62%), saýlawçylaryň 48,8 göteriminiň gatnaşmagynda ýurduň Prezidentligine saýlandy. 
EYR-nyň täze Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen golaýda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen Liderini öz wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti şol günlerde ýurtda ozal ylalaşylan halkara çäreleriň geçirilýändigi sebäpli, oňa özüniň gatnaşyp bilmejekdigini aýdyp, Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýeti ugratjakdygyny mälim edipdi. 


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......