Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon nähili resminamalara gol çekdi?

  • 05.08.2021 11:47
  • 16k+

Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikleriniň netijeleri boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasyna»;
  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyga;
  • Önümçilik kooperasiýasy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
  • Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
  • Medeniýet we sungat babatda 2022 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna;
  • Demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy hakynda Ylalaşyga;
  • Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
  • Gurluşyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky neşe serişdelerine gözegçilik Agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga;
  • Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
  • Ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;
  • 1999-njy ýylyň 30-njy dekabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda raýatlaryň birek-birege gitmekleri hakyndaky Ylalaşyga üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna;
  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyga;

Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýup, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, gepleşikleriň iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçendigini aýratyn belledi.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......