Ýewropa Bileleşiginde doňdurma önümçiligi 9% azaldy

  • 04.08.2021 15:32
  • 4.9k+

Ýewropa Bileleşigi geçen ýyl 2,9 mlrd litrden gowrak doňdurma öndürdi, bu 2019-njy ýyldakydan 9% azdyr. Degişli maglumatlar Ýewrostat statistika agentligi tarapyndan neşir edildi diýip, dairynews.ru belleýär.

Şol bir wagtyň özünde ÝB-niň ýurtlaryna doňdurma eksporty 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 5% ýokarlandy. ÝB-den daşary 752 mln ýewro bahasy bolan 232 mln kg önüm iberildi. Şol bir wagtyň özünde import 4% azaldy we onuň jemi bahasy 79 mln kg haryt üçin 182 mln ýewro boldy.
ÝB-niň ýurtlarynyň arasynda Germaniýa 2020-nji ýylda 642 mln litr çykarmak bilen esasy doňdurma öndürijisi boldy. Onuň yzyndan Fransiýa (516 mln litr) we Italiýa (509 mln litr) gelýär. Geçen ýyl iň uly doňdurma öndürijisi hökmünde Germaniýa bir litr üçin ortaça bahasy 1,3 ýewro bolan iň arzan önümi öndürdi. Fransiýada iň ýokary baha bellige alyndy – doňdurmanyň bir litri üçin 2,2 ýewro (2019-njy ýyl üçin maglumatlar). Onuň yzyndan litri üçin 2 ýewro ortaça baha bilen Italiýa ýerleşýär.
2020-nji ýylda öňdebaryjy doňdurma eksport edijisi Fransiýa boldy. Respublika 59 mln kg önüm eksport etdi, bu ÝB-den daşary doňdurma eksportunyň 25%-ini emele getirýär. Fransiýanyň yzyndan Niderlandlar (38 mln kg doňdurma eksport etdi ýa-da ÝB-den daşary edilen eksportuň 16%-i), Germaniýa (29 mln kg ýa-da 13%), Italiýa (20 mln kg ýa-da 9%) we Belgiýa (16 mln kg ýa-da 7%) gelýär.


23.06.2026 22:17
2.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

17.06.2026 11:27
2.5k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

14.05.2026 19:01
2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....