Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda täze ýolbaşçylar bellenildi

  • 04.08.2021 02:38
  • 33k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji awgustda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde polkownik S.Ýalkabowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä 2-nji derejeli kapitan M.Bäşimowy bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda şeýle hem polisiýanyň podpolkownigi M.Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine we polisiýanyň maýory B.Ataşowy Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Baş prokuror B.Atdaýew mejlisiň dowamynda Goranmak ministrliginiň düzümlerinde alnyp barylýan işlere geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri hem-de onuň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi.
Türkmen Lideri goranmak ministri B.Gündogdyýewe ýüzlenip, bu düzümiň ýolbaşçysy hökmünde alyp barýan guramaçylyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi we ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi ondan talap etdi.
Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Ş.Babanazarowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.


şu gün 00:03
22

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......